Iýul aýynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler

18.06.2024

Watanymyzda şu günler Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna dünýä döwletleriniň ýokary derjeli ýolbaşçylaryndan we halkara guramalaryň wekilleriniň adyndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewiň gutlag hatynda şeýle sözler bar:

«Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Pikirlenmegiň we şükür etmegiň wagty bolan bu baýram agzybirligi hem-de rehimdarlygy alamatlandyrýar. Bu mübärek günlerde biz umumy mirasymyzyň güýjüni, bizi jebisleşdirýän gymmatlyklary ýatlaýarys.

Bu gün biz türki döwletleriň arasyndaky berk gatnaşyklaryň şaýady bolýarys hem-de geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu sammit biziň hyzmatdaşlygymyzy we geljege bolan umumy garaýyşlarymyzy has-da pugtalandyrar.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin».

loader-image
Ashgabat
3:12 am, Sep 20, 2024
temperature icon 22°C
пасмурно
Humidity 28 %
Pressure 1017 mb
Wind 3 mph
Wind Gust Wind Gust: 7 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrýar

Next Story

Nirelerde sen?!

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss