Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň ýene 200-si gowşuryldy

18.06.2024

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly pursady başlaryndan geçirdiler. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalar sapyldy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, folklor-tans toparlarynyň, talyp ýaşlaryň joşgunly çykyşlary bu ýere gelenleriň buýsançly başlaryny Göge diredi. Ýaponiýanyň önümi bolan täze ulaglar «Toyota Coaster» kysymly orta synply, «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslardyr. Täze ulaglar şäherara we şäherýaka ugurlar, şeýle hem etrap merkezleridir şäherlerden dürli uzaklykda ýerleşýän obalar boýunça ýolagçylara hyzmat edip başlady. Ilkinji ýolagçylary degişli menzillerine tarap alyp barýan täze awtoulaglaryň sürüjilerine ak ýol arzuw edildi. — Önümçilik birleşiginiň döwrebap awtomenziliniň işe girizileninden bäri geçen wagtyň dowamynda awtobuslaryň we taksi ulaglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Birleşigimize hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bolan täze, häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän awtoulaglaryň birbada 200-siniň gelip gowuşmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda aýratyn hoşallyk döretdi. 2023-nji ýylda öndürilen bu döwrebap ulaglary ýolagçy awtomenzilimizde çäksiz buýsanç bilen garşyladyk. Ulaglaryň ilkinji ýolagçylary bolan ildeşlerimiz olarda rahatlygyň göz öňünde tutulandygyny, ähli amatly şertleriň döredilendigini aýdýarlar — diýip, «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Döwrangeldi Allaýarow gürrüň berdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:42 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Nirelerde sen?!

Next Story

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

Soňkylar Habar

GitTop