2024-nji ýylda Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan «Türki halklarynyň we Türkmenistanyň medeni mirasy» diýen at bilen Türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi.
Halkara eminler toparynyň kararyna görä, ýaryşa gatnaşýan her bir ýurt üçin degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän üç ýeňiji kesgitlenildi. Türkmenistandan Mähriban Durdymyradowa birinji, Gülnabat Annanurowa ikinji, Begenç Hojagulýew bolsa üçünji orunlary eýelediler.
Beýleki ýurtlardan gelen ýaş suratkeşleriň arasynda öňdäki orunlara Zahra Agaýewa (Azerbaýjan), Balausa Amantaý (Gazagystan), Nazik Sydykbekowa (Gyrgyzystan), Şahrizoda Kurbanowa (Özbegistan) we Sumeýye Nur Eroglu (Türkiýe) dagy eýelediler.