Dark
Light
24.01.2026
durnukly ulag turkmen qatar THE ASHGABAT TIMES

Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna girdi

19.06.2024

Katar Döwleti Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi.

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek we onuň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Şol wagt bu topara 11 döwletiň goşulýandygy hasaba alnypdy.

Bu topar, BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär. Şonuň bilen birlikde-de, bu topar durnukly ykdysady ösüş goldamak maksady bilen, durnukly ulag ulgamlarynyň ygtybarly, howpsuz we elýeter bolmagyny gazazmak ugrunda hereket edýän meýdança öwrüldi.

Häzirki wagtda 20-ä döwlet we bir sany halkara gurama resmi taýdan bu topara goşuldy.

1718708660896829938 1000 e1718788857962 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijileri belli edildi

turkmenistanyn wekiliyeti dusanbe saherinde gecirilen halkara foruma gatnasdy e1718790861574 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen «Suw we howanyň üýtgemegi» atly foruma gatnaşdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss