2 e1718800420565 THE ASHGABAT TIMES

«Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwaly tamamlandy

19.06.2024

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, mugallymlary we talyplary ýaşlaryň döredijilik ylhamynyň baýramyna gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty 18-nji iýunda habar berdi.

«Talyp joşguny» festiwaly her ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýär. Çäre zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, sungata höwesini ýokarlandyrmaga we milli medeniýeti giňden ýaýmaga gönükdirilendir.

Döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary we maý aýynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Festiwala gatnaşyjylar tomaşaçylara we janköýerlere sungatyň dürli görnüşlerinde – saz çalmakda, aýdym aýtmakda, tans etmekde, folklor, sahna çykyşlarynda we ş.m. ugurlarda öz ussatlygyny görkezdiler.

loader-image
Ashgabat
11:32 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
05 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garlyk gowaklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi

gaz e1718803655445 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss