28-nji aprelde Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähi ABŞ-nyň Ilçihanasy we Mary welaýatynyň Häkimligi tarapyndan bilelikde gurnalan eko-festiwala gatnaşyjylar bilen doldy. Ýerli hyzmatdaşlaryň guran stendlerine, şol sanda sergilere, oýunlara we daşky gurşawy goramak mowzugy boýunça beýleki çärelere 1500-e golaý adam gatnaşdy. Ýerli hyzmatdaşlaryň hatarynda Marydaky Amerikan burçy, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölümi, Bathyz döwlet goraghanasyny, ýerli medeni we bilim merkezleri we beýlekiler bar.
Ilçi Klimow, Mary welaýatyň Häkiminiň orunbasary bilen bilelikde çäräni açmak üçin Mary şäherine geldi. “Festiwal meýdançasyndaky stendler gaýtadan işlemek we ekologiýa taýdan arassa önümleri kesgitlemek boýunça pikirleri öňe sürýärler” -diýip, Ilçi Klimow festiwala gatnaşýan ýerli hyzmatdaşlary belläp geçdi. “Bu çäre biziň her birimiziň daşky gurşawy goramakda eýeleýän ornumyzyň bardygyny ýatladýar”.
Festiwal, ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde gurnalan daşky gurşaw çäreleriniň birnäçesini dowam etdirýär we ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny tassyklaýar.