Ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi tarapyndan «Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi.
Ýygyndyda institutyň 2023-2024-nji okuw ýylyndaky magistr maksatnamasynyň «Sanly diplomatiýa», «Seljeriş we strategik meýilleşdiriş», «Gündogary öwreniş», «Halkara hususy hukugy», «Halkara jemagat hukugy», «Halkara ykdysadyýeti», «Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy» ugurlarynyň magistrleriniň öz hünärine degişli alyp barýan magistrlik ylmy-barlag işiniň temasy bilen baglanyşykly ylmy makalalary ýerleşdirildi. Şeýle ylmy ýygyndynyň ilkinji gezek neşir edilendigini buýsançly bellemek gerek.
Täze ýygyndy magistr maksatnamasynyň ugurlary boýunça her biriniň ady bilen baglanyşykly baplardan ybarat görnüşde taýýarlanyldy. Ýygynda girizilen makalalarda häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň dürli meseleleri barada gürrüň açylyp, olaryň aglaba böleginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanan üstünliklerine degişli maglumatlar beýan edilýär. «Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri» atly makalalar ýygyndysy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýatynda çap edildi. Ýygyndy degişli ylmy makalalaryň 60-dan gowragyny özünde jemleýär.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan bu ýygyndynyň diňe ylmy jemgyýetçilikde däl, eýsem, şeýle meseleler bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň köpçüliginiň hem ünsüni özüne çekjekdigi şübhesizdir.