Dark
Light
25.01.2026
348fb144c0bf5f2fa61f1029a27368e8 THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk pudagyndaky ýetilen sepgitler

22.06.2024

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipesi oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, ösdürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça önümçilige öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar we daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Netijede, ýurdumyzda öndürilýän gallanyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberleri ýylsaýyn artdyrylýar.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy tohumçylyk-seçgi işleriniň talaba laýyk alnyp barylmagy, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylýar. Gowaçanyň, däneli we gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň, ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem önümçilige ornaşdyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekinleri görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ösümlikleri, mallary goramagyň biologik usullaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Tyllagül GYLLYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aaaaaa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adam bilen tebigatyň arabaglanyşygy

1718971256599921689 1000 e1719030297152 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly adyndaky TDU-da mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop