Türkmenistanyň Bilim ministrligi 24-25-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky 218 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyna» laýyklykda guralar. Bu düzgünnama laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany 6-14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar bäsleşigiň birinji gününde mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8×8)» görnüşleri boýunça zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezerler.
Şeýlelikde, 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we degişli diplomlar bilen sylaglanar.