Dark
Light
26.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Hytaýyň tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär

22.06.2024

Türkmenistan Hytaýyň turba geçiriji arkaly tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy 20-nji iýunda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kub metr gaz daşamaga mümkinçilik berýär.

Hytaý 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi bahasy 2,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolan türkmen tebigy gazyny import edipdi.

bildiris THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabat meşhur «Hor Tureskogo» toparynyň konsertine garaşýar

aaaaa 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss