Dark
Light
24.01.2026
lift THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda lift önümçiligi bilen bagly kärhanalar dörediler

22.06.2024

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurduň özünde öndürmegi ýola goýmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabatda ýurtda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we döwrebap edara-kärhanalaryň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak hem-de bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda şol teklipleriň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen kärhanalary, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany liftleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda liftleri öndürýän hem-de olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýer B.Annamämmedowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

aaaaa 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»

yjvqpabpkwc6c0emqxxetgqlwlnuqp 600x450 1 e1719044701820 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

SPECA-da Türkmenistan ýene-de başlyklyk etmegi meýildirilýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss