Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin düzümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan agzalan komissiýalar bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Milli bähbitlerden ugur alyp, bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Daşary işler ministrligi birnäçe teklipleri taýýarlady.
Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) hereket edýär. Türkmenistan geçen döwürde SPECA-da birnäçe gezek başlyklyk edip, onuň mejlislerini we ykdysady forumlaryny üstünlikli geçirdi, şeýle hem türkmen döwleti bu maksatnamanyň işini kämilleşdirmek babatda anyk teklipler bilen ilkinjileriň hatarynda çykyş edýär. 2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň bu maksatnamada başlyklyk etmek döwri tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutany guramanyň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda degişli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.