Dark
Light
26.01.2026
bitaraplygyn yalkymy abotyya9qy THE ASHGABAT TIMES

Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasy gurulmagy meýilleşdirilýär

22.06.2024

2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sanynyň has-da artýandygyny hem-de paýtagtyň ýaşaýjylarynyň isleglerini nazarda tutup, çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak teklip edilýändigini habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu desgany «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1707599418127041406 1000 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýanwar-maý: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanşygy 1,4 göterim artdy

1719034928921543583 1000 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMGÖM türkmen ýaşlary bilen gatnaşygy giňeldýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss