3636 THE ASHGABAT TIMES

Jaýlaryň energiýa üpjünçiliginiň esasy düzgünleri

29.04.2024

Adaty täzelenmeýän energiýa resuruslary höküminde nebti, gazy, kömüri, agaç ýangyçlaryny, ýader çig mallaryny (uran we toriý) görkezip bileris. Gün energiýasyny, gidro energiýa, ýeliň energiýasy, geotermal suwlary, howanyň, ýeriň ýokary gatlaklarynyň, biomassanyň we ş.m adaty däl täzelenýän energiýa çeşmeleri hasaplanýar.

Binalaryň gurluşygynda we täzeden dikeldilmeginde energiýany tygşyt ediş syýasatyny geçirmek örän ähmiýetli meseledir.

Ýylylyk üpjünçiliginiň iň täsirli usuly teplofikasiýasydyr, ýagny ÝEM-de döredilen ýylylygyň we elektrik energiýanyň esasynda merkezleşdirilen ýylylyk üpjünçiligidir. Teplofikasiýada esasy energetiki täsir, elektrostansiýalarda işlenen ýylylygy ulanmakdyr.

Bu usul ýylylygyň daşky gurşawa ýitirilmeginiň we onuň hapalamagynyň öňüni alýar.

Geljekde çözülmeli meseleleriň biri hem jaýlary ýylatmakda ulanylýan suwuk we gaz görnüşli ýangyjy ýader energiýasyna çalyşmakdyr. Täze gurulýan senagat we industrial kompleksleri diňe atom elektrostansiýalaryndan ýylatmak üçin olary bir uly komplekse birleşdirmek maksada laýykdyr, bu ýylylyk energiýasyny tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär.

Arslan ÇARYÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
featured image 48 23061210060337 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Temperaturany ölçemek

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze tehnologiýalar arkaly 3D çap etmek mümkin

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop