Kerpiji ýakma prosesi

29.04.2024

Ýakmak diýip, materialy ýokary temperatura şertinde gaýta işlemek netijesinde ýarym önümiň daşa meňzeş gaty jisim ýagdaýa girip, mehaniki, fiziki we himiki täsire garşydurma ukybyna eýe bolýan prosesine aýdylýar. Munda kerpiç ýa-da başka önüm suwa, sowuga, ýylylyk ýaly şertlere çydamly ýagdaýlary girýär. Ýakma temperaturasy bilen wagtyň özara baglylygyna ýakmagyň temperatura rejimi diýilýär.Ýakma rejimine aşakdaky faktorlar girýär. Temperaturanyň göterme tizligi ýokary temperaturanyň mukdary, ýokary temperaturada saklap durma wagtywe sowatma tizligi girýär,ondan başga-da peJiň içindäki gazly ýagdaý hem degişli bolýar. Bu prosesler tehnologiki prosesiň iň jogapkär bölümi hasaplanýar. Ýakmagyň rasional rejimi diýlende,gysga wagt içinde az ýangyç harçlanyp önümi braksyz, ýokary tehnikihäsiýete eýe bolan ýakma rejimine aýdylýar.

Önüm ýakylanda ýarym önümi Döwlet standartlarynda görkezilen tehniki häsiýetlerine eýe bolýar. Döwlet standartynda görkezilen tehniki häsiýetlerine eýe bolýan ýakma temperaturasynyň çägine ýakma interwalydiýip aýdylýar. Meselem, kerpiç üçin 75 markany(belgini) berýän temperaturasy,bişmäne başlaýan temperaturasy 8%, suw çekijiligini berýän temperaturasy bişmegiň gutarýan temperaturasy hasaplanylýar. Şu temperaturalaryň tapawudyna bişme temperaturasynyň interwalydiýilýär. Kerpiç üçin bu aralyk 60-1000C töwereginde bolýar. Keramiki önümiň ýakylýanwagty temperatura artmagy bilen onuň mehaniki gatylygy artypbaşlaýar. Bişme interwalynda bu gaty maksimal derejesine ýetýär we onyň dykyzlygy hem artyp başlaýar. Gysgarma koeffisenti bişme interwalynda intensiw ýagdaýda köpelip barýar. Suw çekijiligi bolsa bişme interwalynda az mukdara eýe bolýar. Keramiki önümiň bişirme temperaturasy t1 -t2 aralygyndaky tapawut alynýar.

Ylhammuhammet ÇARYÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:30 pm, Nov 23, 2024
temperature icon 13°C
небольшая облачность
Humidity 67 %
Pressure 1026 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Täze tehnologiýalar arkaly 3D çap etmek mümkin

Next Story

Aral meselesi bilen göreşmek baradaky alnyp barylýan çäreler

Soňkylar Habar

GitTop