“Gorkut ata” kitaby

26.02.2024

12 bapdan (bölümden ýa-da şahadan ybarat). Ol kyssa bilen goşgy garyşdyrylyp ýazylandyr. Eser türkmenleriň dürli tireleriniň arasynda giň ýaýran eserleriň biridir. Muňa mysal edip Ata Rahmanow tarapyndan çowdurlaryň we igdirleriň arasyndan eseriň birnäçesi şahasyny, ýazyp alanlygy hem şaýatlyk edýär. Olaryň içinde dürli şahalaryň başga-başga wariantlary, goşmaça boýlary hem bar. Eseriň 12 bölüminiň her birinde aýry-aýry wakalar beýan edilýär, olaryň her biriniň aýry-aýry personaźlary bar. Ýöne bölümleriň hemmesinde diýen ýaly Salyr Gazan, Baýandyr han, Gorkut atanyň özi gatnaşýandyklary üçin, boýlar özara sepleşýärler.

Eser türkmen halkynyň irki orta asyr taryhyny, etnografiýasyny, durmuş-ýaşaýyş şertlerini, psihologiýasyny, däp-dessurlaryny, dilini öwrenmek üçin gymmatly çeşme bolşy ýaly, şol döwrüň pedagogik garaýyşlaryny öwrenmek üçin hem ygtybarly maglumatlary özüne birikdirýär.

Kitapda terbiýäniň dürli ugurlaryna degişli gyzykly pikirler özüne mynasyp orun alypdyr. Eserde baş pikiri gahrymançylyk, watançylyk, öz ýurdyny, il-günüňi daşky duşmanlardan kükrek gerip goramaga psihologik we tejribe taýdan taýýarlanmak hem-de duşman bilen şir kimin söweşmek meselesi uly orun tutmak bilen, onuň içinden beden terbiýesi bilen meşgullanmak meselesi uly orun tutmak bilen, onuň içinden beden terbiýesi bilen meşgullanmak, harby tälimi yzygiderli öwrenmek meselesi eriş-argaç bolup gelýär. Her bir oglan –gyzyň özünde, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, ar-namyslygy,erki, güýji terbiýelemegi, at çapmak, ýaý atmak, gylyç oýnatmak ýaly harby hünärleri ele almagy baradaky pikirleri öňe sürülýär. Muňa Gorkut atanyň Gara polat yz gylyjy çalmasaň, duşman dolanmaz, “Ata namart ýigit münüp bilmez, onuň müneninden münmedigi gowudyr‟ we ş.m.. sözleri hem şaýatlyk edýär.

Eserde ýigitleriň we gyz-gelinleriň bu ajaýyp sypatlarynyň iş ýüzünde görkezilýän pursatlary köp. Muňa eserde mysal köp. Olaryň biri hökmünde ,,Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy (talanandygy) boýy diýen bölümde beýan edilýän wakany ýatlamak bolar. Onda şeýle gürrüň berilýär. Salyr Gazan birnäçe adam bilen awa gidýär. Olar gidenden soň Sükli melek diýen adam (duşman) öz atlylary bilen gije oba çozup girýär. Salyr Gazanyň öýüni talaýar… Olar Gazanyň düýelerini, atlaryny, hazynasyny, pullaryny alýarlar, onuň aýaly Burla hatyny, ejesini, ogly Orazy, kyrk sany oguz gyzyny hem özleri bilen äkidýärler. Onsoň Şükli Salyr Gazanyň sürüdäki on müň sany goýnuny hem almagy ýüregine düwüp, süriniňüstüne alty ýüz atlyny gönderýär. Sürüniň çopanyň adyna Garaja diýýän ekenler.

Kitapda ahlak terbiýesiniň meselelerine degişli pikirler hem köp. Gorkut atanyň aýdan nakyl şekilli dana sözleriniň köpüsi hut ýaş nesilde ahlaklylygy terbiýelemäge gönükdirilendir. Mysal üçin, “Göwnüni ulumsy tutan adamda döwlet bolmaz”, “Malyna göz gyýmadygyň ady çykmaz”, Gyz eneden görelde almasa öwüt almaz”, “Myhman gelmeýän öýüň ýykylany ýagşydyr”, “Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy egdir”, “Ýalan söz diýeninden diýmäniň gowudyr”. Pähim-paýhasly goja özüniň gatnaşyklarynyň jebis bolmagy, ýaş nesliň ahlak ynançlarynyň we özlerini alyp baryşlaryny ýaşuly nesilleriň köp asyrlaryň dowamynda döreden ahlak ideýalaryna mynasyp bolmagy barada alada edýän hakyky halk pedagogyň rolunda çykyş edýär. Ýokarky gysga, emma paýhasa ýügrulan dana sözlerde terbiýeçilik işiniň birnäçe usullary öz beýanyny tapýar. Olar poloźitel görelde, ynandyrmak, öwüt-nesihat ýaly usullardyr.

Aýjahan NURGELDIÝEWA
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:55 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Biržanyň döredilmegi we islegi

Next Story

Türkmen dilindäki tekstleri sese öwürýän programma

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop