Görnükli arap neşirleriniň biri bolan «Al Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Katar döwletindäki Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi Myratgeldi Seýitmämmedowyň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda açylan täze sahypa bagyşlanan makalasy çap edildi.
Ilçi makalasynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap geçýär.
Myratgeldi Seýitmämmedowyň pikirine görä, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň 3-nji iýunda Doha şäherinde geçiren syýasy geňeşmeleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerlemegine uly itergi berdi.
Şonda taraplar söwda hem ykdysady gatnaşyklary, Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi makalasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan alnyp barylýan parasatly syýasatyň netijesinde iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gülläp ösmegine umyt bildirýär.