city 1 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri — nurana ertirleriň şäheri

25.06.2024

Arkadag şäheri — ak mermerden gurulan, ekologik taýdan arassa şäher hökmünde dünýä tanalýar. Aýratyn bellemeli zat, şeýle «akylly» şäher türkmen gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary, hormatly Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulan döwlet ähmiýetli şeýle kaşaň şäheriň açylmagy taryhymyzda aýratyn sene boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda golaýda şäheriň ikinji tapgyryna-da badalga berildi.

Arkadag şäherini bina etmek üçin ýerli gurluşykçylarymyz gijelerini gündiz edip zähmet çekdiler. Hususy gurluşyk düzümleriniň altmyşdan gowragynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan şähergurluşyk taslamasynda ilatyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Hususy binagärlerimiz Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlarynyň esasynda sanlyja ýylyň içinde «akylly» şäher gurdular.

Şäheriň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin döwrebap «GPON» ulgamy we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 200 töweregi telewizion kanaly alyp görkezýän IP telewideniýe ulgamy hereket edýär. Bu tehnologiýalaryň işe girizilmegi bilen, her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekilip, ol sekuntda bir gigabite çenli tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berer. Ýaşaýjylara bu ulgamyň üsti bilen onlaýn görnüşde peýdalanmaga şert döredýän mobil goşundysy taýýarlanyldy. Onuň üsti bilen ýaşaýjylar üçin köp sanly amatlyklar üpjün edildi. Döwrebap tehnologiýalara, «akylly» hem «ýaşyl» tilsimatlara daýanýan şeýle amatly mümkinçilikler Arkadag şäherinde häzirki zamanyň soňky gazananlary esasynda zähmet, jemgyýetçilik, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilip, onuň dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän merkeze öwrüljekdigini görkezýär.

Kristina SEMENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby
.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:31 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
1719316324102975103 1000 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

yp525mg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri II gün I bölüm

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss