Aragatnaşykda orunlar

25.06.2024

Aragatnaşygyñ interaktiw tarapynyñ derñewi belli bir kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr. Munuñ sebäbi kommunikasiýasyz-maglumat geçirilmesiz taraplaryñ özara täsirini, hereketini aýratyn seretmegiñ örän kynlygy bilen baglydyr (edil şonuñ ýaly-da belli bir özara hereketi göz öñünde tutmaýan kommunikasiýanyñ bolup biljekligi şübhelidir.)Emma şeýle-de bolsa, aragatnaşygyñ belli bir ýagdaýynda taraplaryñ biri-birine maglumat geçirmekligi däl-de, olaryñ biri-birine laýyklykda eýeleýän orny, bu ornuñ güýçlüligi, haýbatlylygy ýa-da tabyn bolmaklygy, ejizligi esasy many dörediji zat bolup durýar. Başga bir tarapdan, adamlaryñ özara gatnaşygynda kähalatlarda olaryñ edýän hereketleri aýdýan sözlerinden has manyly bolýar.(“mollanyñ aýdanynyet, edenini etme” pähiminiñ ters görnüşi)

Aragatnaşygyñ belli bir ýagdaýynda taraplaryñ eýeleýän orunlarynyñ dereje, güýç häsiýetnamasy aýgytlaýjy bolýanlygy üçin muny derñeýän ýazarlar aragatnaşykda orunlary ýüze çykarmagy esasy wezipe edip goýýarlar. Mysal üçin: iñlis psihology Perez has umumy derejede aragatnaşykda hojaýyn we tabyn bolýan orunlary tapawutlandyrýar. Bu orunlaryñ özboluşlylygy ilkinji nobatda ony eýeleýänleriñ ulanýan söz añlatmalarynda ýüze çykýar. Hojaýynyñ ornunda hereket edýän adam, adatça, “sen ony etmelisiñ”, “sen ol ýere hökman barmalysyñ” we ş.m. añlatmalary ulanýan bolsa, tabyn bolýanyñ ornundaky “men şeýle edilse gowy bolar öýütdim” we ş.m. añlatmalary ulanýar.

Başga bir tarapdan edil ýokardaky bölünişe manydaş aragatnaşykda yzarlaýjy, pida, kömekçi ýaly orunlar hem tapawutlandyrylýar.

Nowruzgül JUMANIÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:06 am, Nov 22, 2024
temperature icon 12°C
ясно
Humidity 53 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 11 mph
Clouds Clouds: 5%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri I gün II bölüm

Next Story

Dialektika we matafizika barada umumy düşünje

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop