Dialektika we matafizika barada umumy düşünje

25.06.2024

Adamyň akyl ýetiriş we praktiki işleriniň filosofik metodologiýasynyň iki esasy görnüşi bar. Olar dialektiki metodologiýa we metafiziki metodologiýadyr. Bulardan başga-da her bir filosofik akymyň her bir filosofik konsepsiýanyň özboluşly metodologiýasy, özboluşly pikirleniş, akyl ýetiriş usuly bar. Meselem filosofik metodlaryň analitiki, intuitiw, fenomenologik, germenewtik, pozitiwistik, ekzistensialistik, pragmatistik,transsendentalistik, strukturalistik, teleologik we ençeme beýleki görnüşleri bar. Olaryň köpüsi esasan metafiziki metodologiýanyňçäklerinden çykmaýar ýa-da filosofik metodologiýanyň iki esasy görnüşiniň elementlerini eklektiki birikdirip, garym – gatym edip ulanýar. Şonuň üçin filosofik metodologiýanyňiki esasy görnüşini gysgaça seljermek maksada laýykdyr.

Ozaly bilen, filosofik metodologiýanyň umumy ylmy we hususyylmy metodologiýalardan tapawudyny belläp geçmek gerek. Filosofik metodlar (metodlar ulgamy, metodologiýa) ähliumumy, uniwersal häsiýetlidir, ýagny abstragirlemegiň (ylymy abstraksiýalary döretmegiň) iňumumy, iň ýokary derejesidir. Başgaça aýdylanda, filosofik metodologiýanyň aňladýan kanunlary we kategoiýalary dünýädäki uçdantutma ähli hadysalaryň we predmetleriň iňumumy, has umumy mazmunyny, alamatlaryny, gatnaşyklaryny suratlandyrýar. Olar jansyz we janly tebigatyň, adamzat jemgyýetiniň, adamlaryň ruhy dünýäsiniňähli hadysalaryna we obýektlerine degişlidir.

Filosofik metodologiýa hakykatyň islendik ugruny, ýagny ähli ugurlaryny öwrenmekde ulanylýar. Emma filosofik metodologiýa hususy, anyk alymlaryň metodlaryny aradan aýyrmaýar, olaryň ornyny tutmaýar. Filosofik metodologiýa ylmy barlag geçirmek üçin ýa-da praktiki işleri amala aşyrmak üçin has umumy düzgünleri, ýörelgeleri berýär, umumy gollanma bolup hyzmat edýär.

Filosofik metodologiýanyň iki esasy görnüşi barada aýdylanda, matafiziki metodologiýanyň örän çäklidigini, ylmy akyl ýetiriş üçin hem, praktiki işleri amala aşyrmak üçin hemdialektiki metodologiýanyň iň netijeli, has oňyn häsiýetlidigini nygtap aýtmak gerek.

Metafizika düşünjesiniň iki manyda ulanylýandygyny bellemek gerek. Metafizika sözi gadymy Gresiýada umuman filosofiýa manysynda ulanylypdyr. Grekçe meta – soňky, metafizika – fizikadan soňky, ýagny filosofiýa diýmekdir. Häzirki wagtda hem metafizika sözüniň filosofiýanyňsinonimi hökmünde ulanylýan halatlary bar.

Metafizika adalgasynyň ikinji manysy akyl ýetirişiň we praktiki işleriň metodologiýasydyr. Şeýle manyda metafizika ХVII – ХVIII asyrlarda agalyk ediji metodologiýa bolupdyr. Munuň özi şol döwürde tebigaty öwreniş ylymlarynyň ýaňy döräp başlamagy bilen, olaryň arasynda diňe mehanikanyňkemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi tebigaty öwreniş ylymlarynyň dünýäniň hadysalaryny we predmetlerini, olaryň alamatlaryny aýry-aýrylykda öwrenýän, olar barada köp sanly faktlary toplaýan döwri bolupdyr.

Kristina SEMENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:39 am, Nov 22, 2024
temperature icon 9°C
ясно
Humidity 93 %
Pressure 1021 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Aragatnaşykda orunlar

Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop