Dark
Light
25.01.2026
feature mentality THE ASHGABAT TIMES

Zehinlilik

26.06.2024

Zehin – bu ukyplaryň heniz ösmedik, emma işleriň ilkinji synaglarynda duýulýan tebigy esaslarydyr.

Meýillilikler – bu täzeden döreýän ukybyň ilkinji we has irki alamatydyr.

Rus psihologiýa ylmynda, esasan hem, S.L.Rubinşteýniň we B.M.Teplowyň işlerinde “ukyplar”, “zehinler” we “talant” düşünjelerini klassifikasiýa salmak synanyşyklary bar. Olaryň pikirlerini bir ýere jemläp aýtsak, zehinlilik işiň üstünligi nukdaý nazaryndan yzarlanylýar.

“Ukyplar” indiwidiň indiwidual – psihologik başarnyklary, ýagny bir adamy beýlekilerden tapawutlandyrmak başarnyklary diýlip düşündirilýär. Şol ukyplaryň netijesinde bolsa, işiň üstünlikleri şertlendirilýär.

“Zehinlilik” – bu ukyplaryň hil taýdan özboluşly utgaşmasy (indiwidual-psihologik utgaşma) diýlip düşündirilýär, işiň üstünligi, köp babatda, şoňa bagly bolup durýar.

Käbir ýagdaýlarda ukyplary dogabitdi, ýagny tebigy hasap edýärler. Emma, ylmy derňewleriň görkezişi ýaly, diňe meýiller dogabitdi bolup bilerler. Ukyplar bolsa, diňe meýilleriň ösmegi netijesinde ýüze çykarylýar.

Meýiller – bedeniň dogabitdi anatomo-fiziologik aýratynlyklarydyr. Ilkinji nobatda olara kelle beýnisiniň, duýgy we hereket organlarynyň gurluş aýratynlyklary, nerw ulgamyna degişli alamatlar degişlidir.

Kristina SEMENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

a brief history of psychology through the years 2795245 v1 1c6012da750f492cac1772f49da578e5 e0c4b99181884778973de88b12bb7c1b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Psihikanyň we aňyň ösüşi

05 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kuzbassyň kömür ýükli iki otlusy Hindistana Türkmenistanyň üsti bilen ýollanyldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop