Dark
Light
24.01.2026
minister of defence turkiye visit tm 1 THE ASHGABAT TIMES
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

27.06.2024

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasy bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dususyk 227.06.2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

turkmenistanyn hyrat saherindaki bas konsuly batyr yolow bilen hyrat welayatynyn hakimi nur ahmad islamjaryn arasynda gecirilen dususyk 2024 nji yylyn 25 nji iyuny hyrat owganystan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop