Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy

27.06.2024

2024-nji ýylyň 25-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary duşuşygyň esasy temalary boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Onuň barşynda Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalardyr wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapy ýurduň EKSPO-2025-e gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, işleriň netijeli guralýandygy we ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildiri.

Mundan başga-da, saparyň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýumeşima adasynda ýerleşen serginiň geçiriljek meýdançasyna baryp gördüler we Milli pawilýonyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdylar.

loader-image
Ashgabat
2:25 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

Next Story

«Türkmenhowaýollary» Saud Arabystany Patyşalygyna ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss