park 11 scaled 1 THE ASHGABAT TIMES

Magtymguly Türkmeniň beỳik Mugallymy

28.06.2024

Magtymguly öz mähriban halkynyň beden hem ruhy taỳdan sagdyn ỳaşamagy üçin gije-gündiz alada edpdir. Onuň diwanynyň uly bölegi, çagalaryň terbiỳesinden başlap ulylaryň has kämilleşmegi ulgamynda ỳazan öwüt-nasyhatlaryndan ybaratdyr. Nas atmak, çilim çekmek ỳaly beden saglygyna zyỳanly ham-de gyýbat, bahyllyk, husytlyk, ỳalançylyk, iki yüzlülik we päli ỳamanlyk ỳaly ruhy sagdynlyga howply we halky tozamaga alyp barỳan gylyk-häsiỳetleriň garşysyna yzygiderli çykyş edip göreşipdir. Bularyň her biri hakynda aỳdan goşgulary biziň hemmämize örän tanyşdyr.Magtymgulynyň goşgularynda “mertlik” we “namartlyk” meselesi erş-argaç bolup geçỳär. Sebäbi ol, ähli oňat hem köpçülige bähbitli gylyk-häsiỳetleri “mertlik” we ähli ziỳanly häsiỳetlrti bolsa “namartlyk” sözleri bilen beỳan edỳär. Aşakdaky nusgalara üns bereliň:

Mert oldur ki bolsa köñli rähimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ỳerde garga deỳ bolsun wähimli,
Ỳerinde hünäri, işi gerekdir.

***

Namart çaşyr küren ile baş bolsa,
Aỳbyn açar, öz ilinden daş bolsa,
Serhoş bolan goç ỳigide duş bolsa,
Salar gyljyn, üçi nedir dört nedir.

Magtymguly aỳlan pelegiň çarhy,
Tanyr sen şol zaman duş gelen nyrhy,
Namardyň ỳanynda ỳok iliň parhy,
Pälin gözlär, mekan nedir, ỳurt nedir.

***

Owal akan ỳerden akarmyş aryk,
Men-menlik edeniň tanapy çüỳrük,
Mertden aşna tutsaň abraỳňa şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.

Magtymguly ikiyüzlülige hem gözboỳagçylyga garşy yzygiderli çykyş edỳär. Ol, bir ta-rapdan hakyky sopylary hormatlap ulu pirleri öz ussady hökmünde sylaỳar, emma ili aldap öz bähbidini araỳan ruhanylary bolsa berk tankytlaỳar:

Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ỳok myjabat ỳapylar,
Öwülỳä men diỳip jögi sopylar,
Gygyryp, asmana böke başlady.

***

Aşyk men diỳp lap urarlar ỳalandan,
Bellisini aỳdar sorsaň bilenden,
Il gözüna ỳüz ỳyl tagat kylandan,
Ỳagşydyr bir säher gözden ỳaş gelse.

Taňyrberdi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
dsc 00872 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDIM-niň HGI-de şygryýet agşamy boldy

magtymguly we puskin 1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly Pyragy we Aleksandr Puşkin

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop