«Sanly çözgüt – 2024»: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etdi

01.07.2024

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine badalga berilmegi Watanymyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerine berilýän ähmiýetiň beýanyna öwrüldi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan her ýyl guralýan bäsleşik dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler şu salgy boýunça görkezilen nusgany onlaýn doldurmak arkaly bellige aldyryp bilerler.

Biz «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasyny ildeşlerimize ýetirýäris:

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasy

I. Bäsleşigiň esasy maksatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimli, başarnykly, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984 belgili karary bilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek bellenilen.

Kabul edilen konsepsiýa laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaýryň bäsleşigi geçirilýär.

Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.

II. Bäsleşigiň umumy düzgünleri

  • Taslamalar (oýlap tapyşlar) üçin internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryljak web hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň, dürli kompýuterleriň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyljak programma üpjünçiligi (işjeň ulgamlaryň) taýýarlanylmagy hökmandyr;
  • Bäsleşige gatnaşyjylar öz programma üpjünçiligini taslamalarynda, oýlap tapyşlarynda kiberhowpsuzlyk ýagdaýlary, adamzat bähbitlerine ýetirjek mümkinçilikleri baradaky maglumatlaryň görkezilmegini bellenilen görnüşde aýdyňlaşdyrylmalydyr (Nusga №2);
  • Döwrüň talaplaryna gabat gelmegi, döredilen programmanyň ulanyp bilinjek möhletiniň görkezilmegini bellenilen görnüşde aýdyňlaşdyrylmalydyr;
  • Döredilen (düzülen) oýlap tapyşlaryň şu aşakdaky talaplaryň göz öňünde tutulyp taýýarlanylmagy möhümdir:
  • Taslamanyň wajyplygy, önümçilige ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi;
  • Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň işini ösdürmekde innowasiýa usullarynyň peýdalanylyşy;
  • Ykdysady taýdan peýdalylygy;
  • Oýlap tapyşyň hili we durmuşda ulanmak ýeňilligi (rahatlygy);
  • Dizaýn taýdan bezelmegi;
  • Döredilen oýlap tapyşlar kanunçylygyň ähli talaplaryna laýyklykda düzülmelidir. Göçürmä (плагиат) rugsat berilmeýär. Ýazylan programma üpjünçiligiň esaslandyryş kodlary bolmalydyr;

III. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri

  • Şu bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat edilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir).
  • Şu bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň resminamalary ýaşlar tarapyndan hödürlenip biliner.
  • Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasy, çap edilen maglumatynyň (agzalarynyň), pasportynyň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.
  • Bäsleşige gatnaşyjylaryň resminamalaryna gatnaşyjynyň anyk ýuridiki salgysynyň ýa-da haýsy edaradan gatnaşýandygy, aragatnaşyk telefon belgileriniň, faks belgileriniň, web saýtlarynyň we elektron poçtalarynyň maglumatlaryny bellenilen görnüşde doldurylmagy zerurdur (Nusga №1);
  • Ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenýän gatnaşyjynyň (toparyň we düzüminiň) maglumatlary, resmi edara maglumatlary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.
  • Şol bir edara-kärhanadan birnäçe şahslaryň (toparlaryň) aýratynlykda gatnaşmagyna rugsat edilýär, emma gatnaşyjylary (topar düzümdäkileri) gaýtadan hasaba alynmaýar.
  • Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň) çykyş etmekligi we özüniň taslamasy (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup, onuň öz taslamasy bilen tanyşdyrmak wagty 10 minuda çenli wagt aralygynda bolmaly.
  • Bäsleşige gatnaşýanlaryň resminamalary 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan hasaba alynýar.
  • «Türkmentel – 2023» atly halkara XIV halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda bäsleşigiň jemleri yglan ediler.

IV. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi we guramaçylyk topary

Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler, ýagny:

  • Saglygy goraýyş;
  • Ylym-bilim;
  • Ulag-logistika;
  • Elektron senagat;
  • Oba-hojalyk;
  • Hyzmatlar ulgamy;
  • Robototehnika.

Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär.

Seljeriş toparynyň düzümine umumy ýolbaşçylygy «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we ylalaşylyp düzülýär.

Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň) çykyş etmekligi we özüniň taslamasy (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup durýar.

Bäsleşige gatnaşyjynyň çykarylan netijeden närazy bolan halatynda ýolbaşçylaryň umumy ylalaşygy esasynda arz-şikaýat topary döredilip, ol topar gatnaşyjynyň taslamasyny (oýlap tapyşyň netijesini) özbaşdak seljermek arkaly gutarnykly netije çykarýar. Eger ilkinji toparyň çözgüdi hakykatdan-da kanagatlanarsyz bolsa, onda arz-şikaýat toparynyň çözgüdi gutarnykly hasaplanýar.

Bäsleşigiň geçirilýän günlerinde gatnaşyjynyň (topar ýolbaşçysynyň) gatnaşmadyk ýagdaýynda (dürli sebäplere görä) taslama hödürlenen işleriň sanawyndan aýrylýar we gatnaşyjy gatnaşmak hukugyny ýitirýär.

Bäsleşigiň her bir ugry boýunça birinji, ikinji we üçünji orun eýelän taslama «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hem-de agentligiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleriň maliýe serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýeňijilerini saýlamak üçin alnan bahalar ýa-da ballar gazanmak tertibinde amala aşyrylar.

Dörediljek wagtlaýyn ýörite topar agzalary tarapyndan bahalaryň ýa-da ballaryň haýsy kriteriýalara görä (Mysal hökmünde göterim (%) görnüşinde) goýular.(Nusga №3)

V. Bäsleşikde gadagan edilýän hereketler

  • Jemgyýetçilik çäklerini we özüňi alyp barmak tertiplerini bozmak;
  • Wirusly ýa-da howply resminamalary ýüklemek we almak;
  • Iş we onuň mazmuny bäsleşige gatnaşyjylaryň we ony gurnaýjylaryň göwnine degip biljek taslamanyň görnüşini hödürlemek.

Ýokarda görkezilen hereketler ýüze çykarylan ýagdaýynda, bäsleşigi gatnaşyjyny gurnaýjynyň karary esasynda birtaraplaýyn tertipde dalaşgärleriň sanawyndan aýrylyp bilner.

VI. Bäsleşigiň geçirilişiniň beýan edilmegi

Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny mahabatlandyrmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

Nusga № 1

1. Bäsleşige gatnaşyjylaryň taslamalarynda görkezmeli maglumatlary:

Ady, Familiýasy, atasynyň adyÝuridik salgysyEdara-kärhanasyTel. belgisi, poçta salgysyTejribesiBäsleşik boýunça teklip edýän işi
      
      
Nusga № 2

2. Bäsleşik boýunça teklip edilýän işleriniň netijeleriniň tejribesi barada maglumatlar:

Ugry(kriteriýa)GörkezijilerTaslamanyň durmuşa geçirilmegini bilelikde maliýeleşdirmegiň teklip edilýän mukdary
1ERDULMS ulgamyny gurnamak0 tmt
2   
Nusga № 3

3. Bäsleşige gatnaşyjylaryň buýurmalarynyň kriteriýa aňlatmalary we kriteriýalar boýunça aňladyş göterimleri ýa-da bahalary.

Kriteriýalaryň sanawyKriteriýa aňlatmalaryKriteriýalar boýunça aňladyş göterimleri, bahalary
1Enjamlara we beýleki maddy çeşmelere eýeçilik hukugynda ýa-da beýleki kanuny esasda, maliýe çeşmeleriniň elýeterliligini, wakalaryň mowzugy bilen baglanyşykly iş tejribesini, belli bir hünär derejesindäki hünärmenleri10%
2Kiberhowpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilişi20%
3Sanly ulgam bilen baglanyşykly modeli30%
4Sanly özgertme maksatnamasynyň hili10%
5Taslamanyň netijeliligi20%
6Taslamalar (Oýlap-tapyşlar)10%
Buýurmalar boýunça kriteriýalaryň aňlatma göterimleriniň, bahalarynyň jemi100%

Habarlaşmak üçin
Tel: 98-12-12 / 98-13-13

loader-image
Ashgabat
4:51 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
небольшая облачность
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Next Story

BMG Arkadag şäheriniň geljekki ösüşi üçin goldaw berer

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss