Surat: business.com.tm

Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Yraga ýylda 10 milliard kub metre çenli gaz iberiler

07.07.2024

2024-nji ýylyň 1-3-nji iýulynda Aşgabat şäherinde gaz pudagyndaky netijeli özara gatnaşyklar üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden geljekde hem peýdalanmak maksady bilen türkmen we eýran taraplarynyň gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýty 2024-nji ýylyň 3-nji iýulynda habar berdi.

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy köp ýyllaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gaz pudagyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýärler.

Türkmen gazyny Eýrana we onuň üstünden üçünji ýurtlara ibermek boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär.

Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda iň ýokary döwlet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi boýunça türkmen we eýran taraplarynyň işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygy bellenmelidir. Şeýlelik bilen, gaz-ulag infrastrukturasyny giňeltmek maksady bilen eýran kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometre barabar bolan täze gaz geçirijisiniň we Eýrana goşmaça möçberde gaz ibermek üçin zerur bolan üç sany gaz gysyjy desgalaryň gurluşygy boýunça işler amala aşyrylar.

Şeýle hem bar bolan kuwwatlykardan başga-da, Döwletabad–Sarahs–Hangeran ugurlary boýunça we Çaloýuk gaz ölçeýji desgasy arkaly Eýrana iberilýän gazyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli atrdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny nygtamak gerek.

Habarda bellenilişi ýaly, geçiren duşuşyklarynyň netijeleri boýunça türkmen we eýran taraplary «SWAP» çyzgysy boýunça Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasynyň çägi arkaly Yrak Respublikasyna iberiljek ýylda 10 milliard kub metre çenli bolan möçberdäki tebigy gazy satyn almak-satmak barada şertnama baglaşdylar.

loader-image
Ashgabat
5:17 am, Nov 24, 2024
temperature icon 6°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 76%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar

Next Story

Fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamy «Halkbank» PTB tarapyndan ulanyşa giriziler

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

20.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
GitTop

Don't Miss