w0phz61a3kdez51q4cwt0ylbivykndnlhpmobwkdy1i9dvmempgcziisprzp THE ASHGABAT TIMES

Ýaş nesil hakynda edilýän alada

10.07.2024

Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, okamagy we öwrenmegi, abadan durmuşyň hözirini görmegi baradaky alada döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ýaş nesliň mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly, edepli bolmagynda, döwrebap bilim almagynda, hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwrebap hukuk binýady döredilen.Biz hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi üçin uly alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini nusga edinip, kämillik ýaşyna ýetmedik mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahatlaryny, sport ýaryşlaryny, düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen bilelikde geçirýän şeýle çärelerimiziň dowamynda olaryň pikirini diňleýäris, sowal-jogap alyşýarys.Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Jumaniyazowa Nowruzgül

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:01 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
146111ac ec9e 4a2f ac4d b585b52e4222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen iberilmegi Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşar

95408332505 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak işi ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss