Dark
Light
26.01.2026
95408332505 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda deňiz ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak işi ara alnyp maslahatlaşyldy

10.07.2024

Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) ýolbaşçysy Olga Kartaşowa bilen duşuşdy. Duşuşyga Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsullygy 10-njy iýulda habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, duşuşykda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar ýokary we orta bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem HDDUI-de türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmak barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirmek barada ylalaşyldy.

w0phz61a3kdez51q4cwt0ylbivykndnlhpmobwkdy1i9dvmempgcziisprzp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş nesil hakynda edilýän alada

prezentacziya3 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Umumylaşdyrylan eposlar: Dünýä klassiklerine gysgaça syn”: “Jenaýat we jeza”

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop

Don't Miss