2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permanlara gol çekdi. Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewa, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy bolup işleýän Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa bellenildi.