Surat: dga.edu.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy okuwa kabul edýär

15.07.2024

2024-2025-nji okuw ýyly üçin magistr bilim maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

  1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: ylym we bilim işlerini dolandyrmak).
  2. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: san­ly­ do­lan­dy­ryş;­ döw­let­ do­lan­dyryşy; ­iş­gär­le­ri dolan­dyr­mak).
  3. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: kons­ti­tusiýa hukugy; adminstratiw hukugy).

Okuwlar türkmen dilinde geçilýär we tölegli esasda alnyp barylýar.

Akademiýa taýýarlygyň «Ylym we bilim işlerini dolandyrmak» ugry boýunça ylym we bilim çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, taýýarlygyň «Sanly dolandyryş» ugry boýunça kompýuter tehnologiýalary çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, taýýarlygyň «Döwlet dolandyryşy» we «Işgärleri dolandyrmak» ugurlary boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, taýýarlygyň «Konstitusiýa hukugy» we «Administratiw hukugy» ugurlary boýunça hukuk çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­ Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi­ iş­ ka­gyz­la­ry­nyň ­sa­na­wy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany foto surat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany (beýan türkmen dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl).

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek akademiýada (Aşgabat ş.) 2024-nji ýylyň 29 — 31-nji iýuly aralygynda geçirilýär.

Gi­riş ­sy­nag­la­ry­ ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugry: «Ylym­ we­ bi­lim­ iş­le­rini­ do­lan­dyr­mak»­ — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

taýýarlygyň ugry: «San­ly­ do­lan­dy­ryş»­ — kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

taýýarlygyň ugry: «Döw­let ­do­lan­dy­ryşy»­— jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

taýýarlygyň ugry: «Iş­gär­le­ri­ do­lan­dyr­mak»­ — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

taýýarlygyň ugry: «Kons­ti­tu­si­ýa­ hu­ku­gy»­ — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

taýýarlygyň ugry: «Ad­mi­nist­ra­tiw­ hu­ku­gy»­ — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň­ Pre­zi­den­ti­niň­ ýa­nyn­da­ky Döw­let­ gul­lu­gy­ aka­de­mi­ýa­sy­nyň­ sal­gy­sy:­­ Aş­ga­bat­ şä­he­ri,­­­ Görog­ly ­kö­çe­si,­ 88.­­ tel.:­39-37-17,­39-37-09.

Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://dga.edu.tm/index.php/tk/headers/magistrleri-tayyarlamak-okuwlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň resmi web saýty (dga.edu.tm)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:30 am, Nov 25, 2024
temperature icon 6°C
туман
Humidity 100 %
Pressure 1015 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 1%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:57 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Dalaşgär-2024: saglygy goraýyş barlagyny nirede geçmeli?

Next Story

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy

Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy

20.11.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
GitTop

Don't Miss