Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

15.07.2024

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: fizika we informatika; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň  mugallymçylygy we psihologiýasy;  mekdebe çenli bilim we terbiýe; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa)).  

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (hünärler: matematika we informatika; himiýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty).

2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda) 2024-nji ýylyň 15-28-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

 Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

– bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

– Türkmenistanyň   Saglygy   goraýyş   we   derman   senagaty   ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

– 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

– okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän  iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

– şahsy pasportyny;

– harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty – iýul aýynyň 31-i – awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 4-i we 6-sy günleri;

Daşoguz welaýaty – awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;

Lebap welaýaty – awgust aýynyň  8-9-10-y, 11-12-si we 13-i günleri;

Aşgabat we Arkadag şäherleri – awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty – awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Balkan welaýaty – awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

Hünärler we taýýarlygyň ugurlary:

hünär: matematika we informatika – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa – biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa – geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh – Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty,  jemgyýeti öwreniş;

hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe – türkmen dili we  edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty – türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) – rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) – iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty);  pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty) – saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty,  Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe – umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan  möçbernamasyny ýerine ýetirmeli, biologiýa,  Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: durmuş işi – biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa) – biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerinden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • mugallymçylyk mekdelerini tamamlan we mugallymçylyk ugurdan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;
  • orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • 2020-2024-nji ýyllarda  geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  •  2020-2024-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:
Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7.
tel.: 3-25-50; 3-04-18.

Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://www.tdmugi.edu.tm/detail/101
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýty (tdmugi.edu.tm)

https://www.education.gov.tm/education-details/28
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:41 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamalary boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär

Next Story

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss