1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hukuk; buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit; ykdysady howpsuzlyk; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe; bank işi; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (jemgyýetçilik iýmitinde); döwlet we ýerli dolandyryş; zähmetiň ykdysadyýeti; marketing; işewürlik-informatika; halkara söwda).
2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda).
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
– bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
– 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
– okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
– pasportyny;
– harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri;
Aşgabat we Arkadag şäherleri — awgust 1-2-si, 3-i, we 5-i günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri.
Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda) – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň beýleki ugurlary – matematika, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa;
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73,
tel.: 48-62-89, 48-62-75.
Şeýle hem şu salgylardan hem okap bilersiňiz:
https://tsiem.edu.tm/candidate/93?name=Bakalawr%20ta%C3%BD%C3%BDarlyk%20ugurlary
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň resmi web saýty (tsiem.edu.tm)
https://www.education.gov.tm/education-details/21
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty (education.gov.tm)