MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNDA NESIL TERBIÝESI

10.01.2024

Nesil terbiýesi, perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary hakynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde giňden beýan edilýär. Bu mesele Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Onuň öwüt-nesihat temasynda ýazan ähli goşgulary ýaş nesli terbiýelemekde halkymyzyň ýörelge mekdebine öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň şygyrlaryna köp ýüzlenen şahyryna, pikirdeşliginden göwünlerine teselli tapan syrdaşyna, durmuş maslahatçysyna, ruhy goldawçysyna öwrüldi. Akyldaryň edebi mirasynyň ýokary ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we halk döredijiligi bilen tebigy baglanyşyp gidýänligidir. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gidipdir.

    Käbir mysallara ýüzleneliň

    — Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,

     Watany terk edip gidiji bolma

Bu setirlerde Pyragy Watanyň mukaddesligini, onda ýaşamagyň, Watan bilen galmagyň bagtdygyny hem-de beýleki sanalyp çykmasy mümkin bolmadyk eşretleri «Watany terk etme» diýen nesihatyň many gatlagynda goýýar. Özem kimdir birine däl-de, özüne nesihat edýär. Liriki gahrymanyň öz-özüne, ýagny köňlüne nesihat etmegini, eýýäm Watan diýen düşünjäniň öwredilip däl-de, her kimiň özünde bolmalydygy, has dogrusy, bolýandygy bilen düşündirilýär.

Akyldar şahyrymyz Watandan aýrylmagyň agyr dertdigini, il-günüň görer gözüňdigini:

    Gel, köňlüm, men saňa öwüt bereýin,

    Yrak kylma görer gözüň — iliňni 

Ýa-da

     — Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,

      Ursa, sökse, horlasa-da, il ýagşy  — diýen setirlerde has içgin beýan edýär. Ynsana gan bilen geçýän häsiýetleriň biri bolan watanperwerligi dabaralandyrýan setirler biygtyýar «Müsürde şa bolandan Kenganda geda bol» diýen nakyl we onuň özeninde duran kyssa hakydaňa dolýar.

Magtymgulynyň goşgularynyň özeni, hamyrmaýasy halk durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şahyryň döredijiligi umman ýaly çuň. Akyl-paýhasyňy durlamak, kalbyňy päklemek, nesil terbiýesini kämilleşdirmek üçin bu ummandan ganybermeli. Şahyr öwüt-nesihat, ahlak-didaktiki goşgularynda, ynsanyň gylyk-häsiýetine degişli şygyrlarynda, şeýle-de dünýewi, pelsepewi, yşky lirikasynda-da halkyň ýürek arzuwlaryny, bagtly günlere teşneligini beýan edipdir.

Baýramgeldi NURBERDIÝEW
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:00 am, Nov 22, 2024
temperature icon 11°C
небольшая облачность
Humidity 71 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:53 am
Sunset Sunset: 5:51 pm
Öňki taryh

ÝE­DI HA­ZY­NA­NYŇ BI­RI

Next Story

GÜL NAGYŞLAR GYZ-GELNE ÝARAŞYK

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop