THE ASHGABAT TIMES

HALK MASLAHATYNA TAÝÝARLYK

08.08.2024

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylýan 2024 -nji ýyl hem halkymyzyň hakydasynda buýsançly we şatlykly wakalaryň baý ýyllarynyň biri hökmünde galjakdygyna şek şübhe ýok. Çünki watandaşlarymyzyň bol-elin, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin durmuşa geçirilýän işleriň sany barmak basyp sanardan kän. “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” diýýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir içerki hem-de daşarky syýasatlary halkyň bähbidine gönükdirilendir. 

Ynha şu günki günde hem ýurdumyzyň çar künjünde nobatdaky geçiriljek halk maslahatyna taýýarlyk işleri dowam edýär. 

Türkmenlerde “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen aýtgynyň ägirt uly ähmiýete eýedigine taryh şaýatlyk edýär. Çünki halkyň ykbalyna täsir etjek her bir işiň başy tutulanda hanlardyr soltanlar alymlaryň, ulgamlaryň, kethudalaryň, aksakallaryň gatnaşmagynda mejlis gurnaýarlar eken. “Bir kelleden iki kelle ýagşy, üç bolsa has gowy” diýleni. Ýaşululara sala salmak däbi biziň günlerimizde-de saklanyp galandygyna garamazdan, eýsem, ýaş kiçileriň hem pikirini soramak, teklibini diňlemek biziň Berkarar döwletimiziň alyp barýan adyl saýtsatyna aýdyň mysaldyr.

Halkymyzyň her bir raýatynyň syýasy hem-de ylmy garaýyşlaryny soramak, halkymyzyň eşretli günlerinde gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek boýunça tekliplerini gyzyklanmak öňümizde geçiriljek halk maslahatyna taýýarlyk işlerine güwädir. Häzirki günlerde halk maslahatynyň ýerli wekilleri tarapyndan raýatlarymyzyň pikirlerini öwrenmek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Elbetde, döwrümiziň sesine ses goşmakda, Watanymyzyň şanyna şan goşmakda ildeşlerimiziň hiç biri hem çetde durmaýar. 

Halk maslatynda kabul ediljek ykbal kesgitleýji kanunlar, başy başlajak möhüm tutumlar eýýäm häzirki günden “jana girip” başlaýar. 

Halky bilen bir jan-u bir ten bolup, jebislikde ýeňişli ýollara sary öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il ýurt bähbitli, asyl adamzat ähmiýetli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin. Goý türkmen halkynyň eşretli döwrany dowamat dowam bolsun!

Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
asyrlaryn dowamynda iki mukaddes metjitler golyazmalaryn gozelligi we olaryn has seyrek dus gelyanleri THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ASYRLARYŇ DOWAMYNDA IKI MUKADDES METJITLER, GOLÝAZMALARYŇ GÖZELLIGI WE OLARYŇ HAS SEÝREK DUŞ GELÝÄNLERI

002 resized 3cf3729699f653053bcad292ba700f20e1a5925c THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop