“Pähim paýhasy ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ykbalyna mahsus bolan ýeňişleriňdir toýlaryň ençemesi bagtyýar günlere şatlyk öwüşginini taýýar. Bu günki gün biziň uludan tutýan dabaralarymyz dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlary haýrana goýýar.
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletler tarapyndan şatlyk şowhuna bellenip geçirilýän Hazar deňziniň güni hem şeýle toýlaryň biridir.
Ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ençeme daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Hazar deňziniň güni bellener. Onuň çäklerinde bolsa, “Hazar deňzi – durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Şeýle hem gojaman deňziň gözel tebigatyna bagyşlanan sergi gurnalar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gurnaljak bu çärä birnäçe Halkara guramalaryň, şol sanda, BMG-niň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň,
Halkara ummanlar institutynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzini “Mümkinçilikler deňzi” diýip atlandyryp: “Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat bolan durnuklylyk hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris. Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys” diýip belledi.
Hazar deňziniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkara gatnawlary ýola goýmakda aýratyn orny bar. Ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky suw geçelgesi bolmak bilen, sebitiň “esasy nokatlarynyň” biridir. Dünýäniň iň uly köli hökmünde tanalýan bu deňiz ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen bir hatarda, tebigy baýlyklara hem juda baýdyr.
Häzirki wagtda Hazar deňzi bilen bagly meseleler ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde, halkara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan dostlukly syýasaty goldaýar we ony durmuşa geçirmekde ilkinjileriň hatarynda durýar.
Goý, türkmen halkynyň ösüşi ýollary dowamat dowam, türkmen topragy asuda, ili agzybir bolup, bu işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, işleri rowaç bolsun.
Şatlyk AKMYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy