Surat: education.gov.tm

Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli Maslahatyň taýýarlyk meselesi maslahatlaşyldy

20.08.2024

2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça milli maslahatynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Daşary işler, Bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty 19-njy awgustda habar berdi.

Duşuşykda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde geçiriljek Ýaşlar maslahatlarynyň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Meýilnamada Daşoguz, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynda we Aşgabatda degişli ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tanyşdyryldy. Şeýle hem ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe we daşky gurşawyň durnuklylygyna ýetirýän täsirleri barada giňden maglumat bermek, bu meseleler boýunça öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

loader-image
Ashgabat
5:14 am, Sep 19, 2024
temperature icon 19°C
ясно
Humidity 33 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 1 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara ýazylmak e.gov.tm portaly arkaly onlaýn elýeterli

Next Story

Türkmenistanly ýaşlar VIII Baýkal forumyna gatnaşdylar

Soňkylar Habar

GitTop

Don't Miss