Dark
Light
24.01.2026
19032024 004 THE ASHGABAT TIMES

Egsilmez Buýsanç

26.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili hünäri boýunça 1-nji ýyl talyby bolmagym meni tüýs ýürekden buýsandyrýar! Bu ýokary okuw jaýyna kabul edilmegim, meniň üçin uly bagt we jogapkärçilik. Bu ýerde özüm üçin täze bilim dünýäsine gadam basýaryn we geljegimde öz halkymyza gerekli hünärmen bolmak üçin saýlap alan hünärime yhlas bilen ýapyşaryn.

Men bu ýyllaryň dowamynda diňe bir nemes dilini we medeniýetini öwrenmän, eýsem, ähli öwrenenlerimi Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin ulanmaga borçlanýaryn. Okuwymda elmydama öňe gitmek we üstünlik gazanmak üçin ýadawsyz zähmet çekjekdigi öňümde goýan uly maksadym hasaplaýaryn.

Şu ýere gelip, bu bilim ojagynda bolmagym, diňe bir meniň üçin däl, eýsem, maňa ynam bildirýän maşgalam üçin hem belent abraý, uly buýsanç. Men  ejemjanyň hüwdä siňdiren arzuwlaryny hasyl etmek üçin elmydama has ýokary netijeleri gazanmaga synanyşaryn.

Täze bilim ýylynyň başynda, bize şeýle arzuwlarymyza ýetirmekde irginsiz aladalary eden bilimi baş ýörelge hasaplaýan Gahryman Arkadagymyza we ata kesbini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Togundyrjy ýürek buýsanjymyň ahyrynda bolsa meni goldaýan hem-de ýol görkezýän mugallymlarymyza sag bolsun aýdýaryn! Men bu ýerde edilýän her bir tagallanyň meniň geljegime uly goşant boljakdygyny bilip, olaryň her birine uly sarpa goýýaryn.

Hormatly talyp ýoldaşlarym size hem bagtly ýyllar, täze üstünlikler we ähli arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy arzuw edýärin!

Guwanç SANGULYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ejeme hat

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ARZUWLARYM HASYL BOLDY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop