19032024 004 THE ASHGABAT TIMES

Buýsançly duýgular

26.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň fransuz dili boýunça hünäriniň 1-nji ýyl talyby bolmak, meniň üçin iň uly bagt, iň beýik buýsançdyr! Bu ýol, diňe bir meniň üçin däl, eýsem, geçmişden geljege uzaýan mukaddes ýoluma, ata-babalarymyň arzuwlaryny durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň beýik geljegine gulluk etjekdigime bolan ynamyň ýüze çykmasydyr.

Bilim almak, durmuşda iň mukaddes we iň jogapkärli wezipedir. Bu mertebeli fakultete kabul edilmegim bilen meniň ýüregim diňe bir buýsanç bilen däl, eýsem, Watanyma bolan çäksiz söýgi bilen hem dolup-daşýar. Fransuz dili ýaly dünýäniň öňdebaryjy dilini öwrenmek, medeniýetler bilen aragatnaşyk gurmak, ýurdumyzyň geljekki ösüşine öz goşandymy goşmak, bu beýik mertebäni berkarar etmek üçin ähli güýjümi gaýgyrmaryn.

Meniň buýsanmagym, diňe bir şahsy üstünligim bilen çäklenmeýär, eýsem, mähriban halkymyň we ýurdumyň uly ýeňişleriniň bir bölegi bolmagymdan gelip çykýar. Bu mertebä ýetmekde bize uly ýol açan, her birimiz üçin beýik maksatlar goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýärin. Olaryň alyp barýan beýik işleri, biziň her birimizde beýik geljegiň gapysyny açýar. Meniň maksadym, alýan bilimimi, ýurdumyzyň abraýyny dünýä tanatmakda, halkara sahnasynda ýurdumyzyň ösüşine öz goşandymy goşmakdyr.

Ýüregim tolgundyryjy duýgular bilen doly. Bu ýolda her bir ädimimi jogapkärçilikli alyp barmak, Watanyma, halkyma hyzmat etmek meniň üçin iň uly mertebedir. Eziz talyp ýoldaşlar, biz bagtly döwrüň bagtyýar nesilleri. Biz beýik Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin jan aýaman zähmet çekmelidiris. Men, şu ýylymda, alyp barjak her bir işimde şol ynamy ödemek üçin ähli güýjümi gaýgyrmaryn!

Gadyryňa ýetip bolmajak talyplyk ýyllarynyň her bir güni siziň üçin bagt we üstünliklere doly bolsun!

Nazar HUDAÝBERGENOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

YHLASA MYRAT

19032024 004 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Talyp  kalbymyň buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss