Galkynyşly täze eýýam döwründe,
Talyp boldum bu ajaýyp diýarda,
Berkarar Watanym Türkmenistanym
Talyp boldum bu ajaýyp diýarda.
Beýan etsem ýürekdäki begenjim,
Ylmyñ-bilmiñ rowaçlanýan diýarda.
Gül goýnuñda arzuwlarma ýetenim,
Talyp boldum bu ajaýyp diýarda.
Bu gün meniñ şatlygymyñ ýok çägi,
Çeken zähmetlerim gowuşdy ýerne.
Okamak, öwrenmek, döretmek üçin,
Maña nesip etdi, bu bagt ine.
Halypadyr bize Gahryman Atam,
Her bir aýdan sözi mukaddes kitap.
Alkyş aýdýan Arkadagly Watanda
Arkadag Serdarly ajap Watanda.
Näzikgül ROZYMURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli
Dünýä dilleri institutynyň talyby