Durmuşymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak bagtly pur atlara beslenýär. Ýaş nesilleriň isleg-arzuwlary ileri tutulýan ajaýyp Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda maňa-da talyp bolmak bagty miýesser etdi. Juwan kalbymda beslän arzuwlarym yhlas bilen birigip, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby boldum. Talyplyk dünýäsine gadam basmagymyz bilen, begençden doly ýüreklerimiz bizi şeýle bagta ýetiren Arkadagly Serdarymyza alkyşdan doly. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk sargytlary, ündew-nesihatlary aýdyň maksatlara sary röwşen geljege ynamly gadam urýan yhlasly ýaşlaryň ruhy daýanjydyr. Binýadyny bilimden berk gurýan buýsançly ýaşlaryň hatarynda bolmak bagtyň naýbaşysy bolsa gerek. Türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ata Watanymyzda döredilýän mümkinçilikler ylymlar dünýäsinde ynamly öňe gitmegimize uly badalga berýär. Ata-babalarymyzyň nesihatlaryna uýup, pederlerimize mynasyp perzent bolmak, Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek Arkadagly Serdarly döwrüň bagtly ýaşlarynyň esasy maksatlarydyr. Şu maksatlara tarap ak niýetler bilen bizi öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza her ädimde çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri barha rowaç alsyn!
Döwletnepes Gurbandurdyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby