THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk toýuna barýarys

02.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan gününiň her biri hormatly Prezidentimiziň oňyn özgertmeleriniň, bagtyýar başlangyçlarynyň agzybirlik we tutanýerlilik bilen durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde şanly wakalara beslenýär.

Biziň ata-babalarymyz hemişe garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdir. Ata-babalarymyzyň arzuw eden zamanasynyň gelip ýetenine şu ýyl 33 ýyl dolýar. Ynha, indi 33 ýyl bäri türkmen halky erkana ýaşaýar. Ilimiz diline, dinine, milli däp-dessurlaryna, şöhraty eýýamlara ýaň salan ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryna, görüm-göreldelerine, dogduk Diýaryna eýe boldy. Indi Türkmenistany bilmeýän, onuň ähli ugurdan ösüşlerini görmeýän ýurdam, halkam ýok bolsa gerek. Häzirki döwürde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň ähli ugurlarda uly ösüşler gazanmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle ösüşler biziň ylym-bilim ulgamymyzda hem durnukly saklanýar.

Garaşsyzlygyň datly miwelerinden dadyp, toý desterhanlaryny giňden ýazyp, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, her bir toýy uludan tutýan türkmen halkymyza hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy has-da ösdürip, halkymyzy bagtyýarlykdan bagtyýarlyga alyp gitmekde bitirýän taryhy işlerini goldap, Watanymyzyň ylym-bilim binýadyny berkitmäge mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyza eşretli durmuşda ýaşamaga, dünýä derejesinde bilim almaga giň mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowana ýollarda rowaç alsyn!

Ýazjemal ANNAJANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
120623 014 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Diýarymyzyň ylmy kuwwaty özgerdilýär

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Üstünligiň kämil ýoly

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss