Eşretli ertiri gurujylar

02.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän pentleri, ulyny sylamak, kiçini söýmek we agzybirlikligi berkitmek ýörelgelerine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, demokratik ýörelgeler bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda jemgyýetiň agzybirliginiň milli esaslaryny berkidýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.  Häzirki döwürde döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýeleýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty dürli ýaşdaky jemgyýetiň wekillerini öz içine almak bilen döwletiň halk bilen jebisligini, sazlaşykly hereketini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi babatynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr» diýip, buýsanç bilen belleýär. Milli Liderimiziň şeýle ganatly sözleri biz — ýaşlara her bir işde, ylmy başlangyçlarymyzda ruhy güýç berýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bize her bir işde görelde mekdebi bolup durýar. Şeýle hem  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly-da birnäçe taryhy çözgütler kabul edilýär. Bu bolsa döwletimizde sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli, kämil hünärli we başarnykly ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakda giň şertleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda döwletimizi ösdürmekdäki ädimlerde, giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň-da tekliplerine we pikirlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şu günler jemgyýetçilik guramalary bilen maslahatlary geçirýäris. Şeýle netijeli işleri ýene-de agzybirlikde we yzygiderli dowam etdireris. Her bir işde biz ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Begenç HOMMADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:38 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 18°C
небольшая облачность
Humidity 59 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitap üç dilde çapdan çykdy

Next Story

Türkmenistanyň we Filippinleriň Ýaponiýadaky ilçileri duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop

Don't Miss