Taryhy gymmatlyklaryň adamzat medeniýetini öwrenmekdäki ähmiýeti örän wajypdyr. Häzirki döwürde Türkmenistan hem bu ugurda uly işler alyp barýar. Hut ýaňy- ýakynda Goňşy döwletimiz Özbegistan döwletinde hem birnäçe habarçylarymyz geçirilen taryhy gymmatlyklaryň orny baradaky maslahata gatnaşmak bilen ilkinji nobatda Orta Aziýada taryhy ähmiýeti bolan ajýyp ýadygärlikleriň içinde Türkmen topragyndaky taryhy ýadygärlikleriň hem sanalandygynyň şaýady boldy. Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem-de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen jemlenýär. Bu ýerde görnükli taryhy şahsyýetleriň keşplerini, gadymy türkmen halkynyň durmuşyndaky has möhüm wakalary şöhlelendirýän ajaýyp eserler bar. Köp asyrlyk ösüşiniň dowamynda, şol ýurtlaryň halklary ajaýyp nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerini döredipdirler. Gündogar ýurtlarynyň medeniýetiniň ösüşinde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orny bardyr.
Gündogar halklarynyň sungatyndaky meňzeşliklerini we olaryň arasyndaky jebis baglanyşyklaryny hem-de her biriniň göz-görtele tapawutlandyryjy milli aýratynlyklaryny düşündirýär. Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Türkmenistanyň suratkeşleri biziň şu günlerimizi doly we hemme taraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden- täze mümkinçilikleriniň işjeň gözlegini alyp barýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda uly döredijilik ýoluny geçen suratkeşleriň halkyň ajaýyp dünýäsini, ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän eserleriniň görkezilmegi hem hut watanymyza bolan çäksiz söýgiden nyşandyr.Şeýle ýagdaý ilkinji nobatda türkmen sungatynda şöhlelendirilmegi bolsa, bu ruhy gymmatlyklayrmyza goýulýan hormatyň nyşanydyr.
Türkmen topragynyň köki çuňňur, taryhy bolsa, şöhratlydyr. Gahryman hem-de Hormatly Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda edýän işleri utgaşyp,halkymyzyň taryhyny çuňňur öwrenmekde hem-de edilýän işleriň sakasynda durmagynda taryhy gymmatlyklara sarpa goýmak bu günki gün iň wajyp zatlaryň biridir. Hakykatdan hem üstünlikden- üstünlige barýan halkymyzyň gelejegini abadanlaşdyrmakda, parahatçylygyň hemişe höküm sürmegini gazanmakda bilim ulgamynyň hünär ugry babatynda dünýä tejribesini, dünýäniň gazananlarynyň ugry boýunça ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň hem tejribesi ulanylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir.
Munuň özi ösüşleri saglaýan ýurdumyzda ýaş nesil üçin edilýän aladanyň bir döwlet ähmiýetli halk bähbitli işler bilen utgaşyp, gelejegi saglaýan türkmen diýarynyň ýokary hilli wezipeli hünärmenleriň elinde ediljek işleriň entek bilen utgaşyp, bu ýyl hem ýaşaýyş jaýlarynyň hem- de ilat maksatly desgalaryň, zähmetkeşleriň iş ýerlerini köpeltmek üçin halkymyzyň abadançylygy,özara hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşykalr ýaly işleri durmuşa geçirmekde nusga boldy. Bagtyýar döwrümiziň taryhçylary öz taryhymyzyň birligini öwrenmek üçin hem-de dünýä taryhynda beýik bir ada eýe bolmak üçin ajaýyp ýadygärliklerimizi ÝUNESKO- nyň gymamtlyklaryna goşulmagy esasynda dünýä taryhçylary bilen bilelikde işlemeklerini gazanmakda uly işler alyp barýar. Bagtyýar durmuşy saglaýan türkmen diýary her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Munuň özi görkezen gahrymançylykly hereketleri bilen bileikde eser mazmunyny dünýä edebiýatynda ep – esli artdyrandyr.
Muny türkmen alymlarynyň ürç edip öwrenmegi bolsa, bu günki günde onuň adamzat ähmiýetli işlerde ýokary dereje berilmeli gymmatlykdygyny subut etmesidir. Ynsan ýaşaýyşlarynyň beýik muhabbetinden emele gelen eserde ýokary hilli ynsan gatnaşykalrynyň öz täsirini ýetirip, onuň meşhurlygyny artdyran eserde döredijilik diýen jadyly gudratyň gözelligi öz beýanyny tapýar. Şol medeniýetiň içinde halkyň ähli sungaty, edebiýaty,halk döredijiligi bilen bir hatarda öwüşgünleri, edebiýatydyr, sungaty bilen iň gadymy medeniýetleriň hataryna goşulyp, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda göwher diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir halk öz medenýtini asyrlar meselelerinden ugur almagy bolsa, türkmen medeniýetiniň beýik bir süňňüni düzýän güýçleriň bir sütünidir. Şeýle gözellikleriň aňyrsynda medeniýetiň ýatandygy, şol medeniýet bilen türkmeniň öz durmuşyny düzýändigini kemala getirýär. Türkmen halkynyň dil medeniýetine, gözel dili durmuşda ulanmak medeniýetine hemişe sarpa goýan halkdygyny biz özümiziň ata – baba ruhy hazynalarymyzdyr, milli gymmatlyklarymyz arkaly bilýäris.Şeýlelikde ata – babalarymyzyň medeniýetimiziň bahasynyň gymmatyny bilmegini ilkinji nobatda türkmen halkynyň az sözliligi bilen dil medeniýetiniň üsti bilen amala aşyrylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu mesele bilen bolsa, esasan ylym meşgullanýar. Ine,şol ylym hem dil ylymy,dil ylymyny esaslandyrýan hem gelip çykyş, arhiologiýa, nazarýet şahalary diňe alymlar üçin däl-de eýsem öz taryhy bilen gyzyklanan her bir taryhçynyň – da ýazyjynyň- da, döredijiniň- de medeniýet işgäriniň – de işidir.
Aslynyň juda aňyrlardan sesýetim we ýaň berýän gadym dil bolan türkmen diliniň ýaş aýratynlygynyň halkyň düýp köki kemala gelmezden öň ol halk edil daragtyň toprakdan nem alşy kibi aňladýarys.Sözler, adam olary döretdi, ulandy we olary öz hallaryny aňladýan formalara saldy-da geçmişden gelejege kagyza, mata, hünäre, keramika şeýle-de palçyklara ýazdy. Halyny aňladýan sözleri gelejege alyp gitmek üçinem,ylma, edebiýata, şahyrçylyga, senede saldy. Şeýdibem adamzat öz halyny aňladýan sözlerini iň soňunda öz gündelik durmuşymyzda ulanýan hallarymyzy ýüze çykarmak üçin gör näçe söze eýe bolmaly. Birmahallar ýeriň ýüzünde alymlar belläp geçýärler bar bolan tokaýlyklara hem arasynda zeper dörän uly aşakdan suwuň güýjenmesiniň we gaz akymynyň peselmegi bilen düşündirilýär. Şeýlelikde ýer ýüzündäki wulkanlaryň ýene ýerlerde halkymyzyň bähbidine geçirilýän işleriň möhümdigi,onuň sanardan kän üstünlikli taraplary bu günki gün ýurt baştutanmyzyň halky üçin edýär.
Häzriki wagtda dünýäniň çar künjünde ýaşaýan halklaryň gözel Aşgabadymyzy görmek üçin gelmegi hem biziň şäherimiziň açyk muzeýe meňzemesinde ajaýyp bir ylham berijilik bardygyny subut edýär.elbetde onuň goýnunyndaky heýkeller açyk muzeýe meňzeýär, onuň goýnunda ýerleşýän ýadygärlikler hem bir ansambldan düzülip, geçmiş bilen şu güni utgaşdyrylyp döredilen heýkeller. Olaryň gözelligi gelejegiň taryhyna siňýär. Şol sebäpli-de türkmen topragynyň ähli ýerleri ýadygärlikler toplumy bilen doly we buny biz öz taryhymyzda ýokary derejede öwrenmäge borçlydyrys. Taryhy gymmatlyklaryň mekany bolan ýurdumyzda şeýle ajaýyp ýadygärlikleriň abrlygy, taryhy gymmatlyklar agirýän zatlaryň abrdygy biolsa, bizi buýsandyrýar.
Türkmen halkynda bu günki gün türkmeniň şöhratly taryhyna degişli şahsyýetleriň hersiniň öz güýjüni – gaýratyny görkezip, türkmen binasynyň boýy 118 metrden ybarat bolup, iň çür depesinde bäş welaýatyň birleşmesi Türkmen we türki boýlarynyň atasy hasaplanýan Oguz han atamyzyň bu heýkelinde birligiň we parahatlygyň lamaty ýerleşdirlendir. Gelen myhmanlary ilki bilen garşylaýan bu ýadygärlik manysy boýunça ýerleşdirlendir.Heýkel baýdak bilen birlikde güne tarap aýlanmagyny dowam edýändir. Binanyň aýratynlygy onuň esasy girelgeleriniň içinden girip keşbi tutuş stadiýonyň gözelligine gözellik goşýar. Gijelerine görseň, gözleriňi gamaşdyrýan Aşgabat her kimiň höwes edýän şäheridir.
Hormalty Prezidentimiziň -Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň innowasiýon ösüşlere badalga berýän döwründe edilýän täze işleriň sany barha artýar. Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurudumyzyň abraýyny artdyrmakda innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär. Medeniýetiň hem-de ykdysady gatnaşyklaryň esasynda dürli halklar bilen dostana gatnaşyklar esasynda beýik medeniýetleriň bir ara gelmeginde ýokary çözgütleri çykarmakda her kesiň öz halkynyň maddy gymmatlyklaryny öwrenmeginde uly bir üstünlige eýe bolmagy , hut Garaşsyzlyk ýyllarynda ýüze çykdy. Türkmenistanda täze halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan aň-bilim bolup duran dünýä bilim hem- de innowasiýon ykdysady ölçeg sistemalarynyň birlikdäki işewürligini artdyrmakda edilen işleriň iň ýokary derejesidir. Sanly ulgamyň üsti bilen dünýäniň o çetindäki muzeý gymmatlyklaryny öwrenmäge mümkinçilikleriň bar ýerinde ýokary netijeleri gazanmak hem-de bu ajaýyp dünýägaraýşy kemala getirmekde edilýän işleriň netijeliligini ýola goýmakda has öňdebaryjy işleriň edilýändigi hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Hakykatdan hem adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat.
Şol muzeý gymmatlyklarynyň içinde bolsa, biziň döwrümiiň ajaýyp- nusagasy bolan hormatly şahyrymyza bolan ajaýyp dabarlar hem-de onuň bilen baglanşykly Magtymgulynyň portretini ilkinji gezek suratkeş Aýhan Hajyýew ýerine ýetirýär we häzirki wagtda onuň birnäçe işleri Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýiniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri hökmünde myhmanlara we ýurdumyzyň ýaşaýjylarynya görkezilýär. Magtymgulynyň döredijiligi ylym ugry boýunça bolsa, ýokary konferensiýalara we maslahatlara gatnaşýarlar, olar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde türki dilli halklaryň arasynda öňüne öz şöhlesini salyp, ol garaňkylykdan ýöremäge inçejik ýol salgy berýär.
Ýaşlaryň döredijiligine, olaryň edýän açyşlaryna üns berilýän işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär.ýaş nesilleriň ýurdumyzda edýän bagtyýarlygy bir ara getirip, onuň hözürini görmek ynsanyň ömrüni bezeýär.hut şol sebäpli-de ýurdumyzda ýaşlaryň öňe gitmegi üçin, olaryň orunlaryny tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bu özara gatnaşyklary, olaryň okuwlaryndaky tejribeçilik işlerini öňe gidirmekleri üçin bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler hem ylymly ýaşlaryň köpelmegine özüniň täsirini ýetirýär.
Ylym binýatly döredijilgi üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde dürli açyşlary açmakda hyjuwly, bilesigeliji toparlar bolup hem- de uly güýç bolup hyzmat edýärler. Ýaşlar jemgyýetiň belli bir işjeň topary. Olaryň hyjuwly ýürekleri, olaryň öz hünärlerini görkezesleri gelmeleri olaryň bilim ösüşlerindäki olaryň üstünliklerine aýratyn baha berilmesidir. Bu bolsa, ýaşlyga goýulýan hormatdyr. Halypalaryň arasynda ýaşlaryň hyjuwly zähmet çekmesi we olaryň öz başarnyklaryny görkezmesi – bu olara bildirilen uly ynamdyr.
Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar. Bu görnüşlerde derejeli işler hem- de öz baýlykalryňa eýelik etmek şygary bilen birlikde hereket edýär.Tebigy baýlyklaryň möçberiniň, işçi güýjini, köpeltmegiň mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly belli bir derejede amatsyzdyr.
Şonuň üçin hem intensiw ösüş ýoluna geçmeklik ýurdumyzy innowasiýon ösüşleriň mekanyna öwürmek hem- de täzelikleriň mekany bolan Türkmenistany innowasiýon özgertmeler esasynda ösdürmek hem- de bu ösüşleriň sakasynda halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň has- da gowulanmagyny gazanmak, aýdym – saz, bu bolsa, bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamydyr. Garaşszylyk toýmuzda öz gözelligi bilen haýran galdyrýan diýarymyzyň ösüşlerinde nebit- gaz ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, göz ýetirmek üçin, onuň yaşap geçen döwrüni öwrenip, ony öz önüp-ösen jemgyýetiniň şol günki şertlerinde hereket etdirmek bilen mümkin bolup biler.
Ynsanyň mertebesi, öz ýaşan döwrüne we onuñ talaplaryna dogry düşünmek bilen özüniň taryhy wezipesi Muzeý eksponaty hökmünde dursa- da alymlara,ýazyjylara uly bir taryhynda iň agyr döwri başdan geçirmegi dilimize hem-de däp-dessurymyza, edil şonuň bilen birlikde-de hut edebiýatymyza öz okamak miýesser etmedi. Elbetde, Orta Aziýanyň mongol goşuny tarapyndan döräli bäri özüniň ýazgylaryny,ýagny ýüregindäki duýgularyny nagyşlara geçiripdir-de ony belli bir wagt içinde ulanypdyr.Ol nagyşlaryň ilkinjileriniň döremegine diňe adamzadyň öz çeken jebri sebäp bolup bilen ilki başda ýaşan gaýalaryna meşhur bolan, bir wagtlar owadan keşpde haýran ýadygärlikler hökmünde saklanyp galdy.Taryhy birlikleri öwrenip, ol maglumatlary başyň täji ýaly edip saklamak, bu günki gün adamzat taryhynda bolup geçýän hadysalara gulak bermek we öz kök biligiňi has çuň öwrenmek bolsa, bu günki gün ynsanyň ynsanlyk borçlarynyň bir bitewilige dogrulanmasynyň nyşanydyr.
Gülbahar ÝARANOWA
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş hünärmeni