wme8qpde9kervhn5dpxemeju2uznwwcdyhwzz58tjf52yyvqovncwod7q9lt 1 THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

06.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe joş urýan döredijilikli zähmete, ylym-bilime watansöýüji ýaşlarymyz öz ýürek urgusy, bilim-başarnygy bilen goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurtda höküm sürýän asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk her birimiziň durmuşymyzda şöhlelenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna ildeşlerimiz zähmet üstünlikleri bilen barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky ýetilen sepgitler, dürli ugurda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler her bir ildeşimiziň kalbyny buýsandyrýar. Biziň halkymyz öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýup, eziz Watanymyzy agzybirlikde çekilen zähmet bilen özgertmegi, gül-gülzarlyga beslemegi başarýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyzy, taryhy, medeni, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklap, nesillerden nesillere geçirmek, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri hem döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, halkymyzy täze gymmatlyklary döretmäge ruhlandyrýar. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, bu ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň möçberli çäreleriň geçirilmegi, şeýle hem milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegi munuň guwandyryjy mysallary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ösüşiň uzakmöhletleýin maksatnamalaryny meýilnamalaýyn amala aşyrýan kuwwatly döwlet hökmünde has-da berkeýär, halkara abraýy artýar. Bu gün eziz Watanymyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolmak bilen birlikde, milli aýratynlyklary, halkyň bähbidini, hukuklaryny nazara alyp ösýän güýçli döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyz Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirilip, ol her ulgamy gurşap alýar. Halkyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlary goldanylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny, badalga berýän ösüş maksatnamalaryny agzybirlik bilen durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan halkymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary baýlaşdyrmaga höwes bilen gatnaşýar. Ýurdumyzyň Garaşsyz ösüşi adamlaryň aň-düşünjesiniň, zähmet üstünlikleriniň ösmegi, olaryň işine we hünär ussatlyklarynyň kämilleşmegi bilen hem gönüden-göni baglydyr. Sebäbi her bir watandaşymyz öz mümkinçiliklerini ösdürip, ýurt Garaşsyzlygymyzy mundan beýläk-de şöhratlandyrmagy, mähriban Diýarymyzy has-da ösdürmäge, öňki gazanylanlara goşandyny goşmagy mukaddes borjy hasaplaýar.

Agamyrat NURYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
6048424a58d3b043731126 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Taryhy gymmatlyklaryň ähmiýeti

1587673363 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hünär ussatlyk, netijeli işler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss