9ri2j1kjis1f1kkqqfvms4zkoeuzcg 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Diýarymyzyň nebit we gaz pudagynyň tutýan orny

07.09.2024

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden görkezmek hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Ýurdumyzda energetika pudagy durnukly ösdürmek, dünýäniň energetika ulgamynda soňky ýagdaýlara syn bermek hem-de ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikler barha artdyrylýar. Häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň, önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň görnüşleri günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň pudaklaryny ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, şeýle-de pudaklara ylymda ýetilen we oýlap tapylan täze usullary ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy pudaklaryň biri bolan nebitgaz pudagynda hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar.

Nebitgaz pudagynda nebiti öndürmek we ony gaýtadan işlemek barada birnäçe işler geçirilýär. Ýokary tehnologiýalara eýe bolan birnäçe senagat desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär, olaryň köpüsiniň gurluşygy häzirki wagtda hem dowam edýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlaryna bagtyýar hem abadan durmuşda ýaşamak, döwrebap bilim almak, ylym bilen meşgullanmak we halal zähmet çekip, Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Begmyrat AGAMYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
how does an ethernet switch work THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ethernet näme üçin ulanylýar?

240723 010 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk bilen häkimiýeti jebislendiriji güýç

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop