Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýar halk – gurply döwlet

07.09.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadymyz tarapyndan başy başlanyp Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamat dowam tapýan parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky orny ýylsaýyn pugtalanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda durmuşa geçirilýän  döwletli tutumlar her bir türkmenistanlynyň buýsançly başyny has-da belende göterýär.

Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ýetilen belent sepgitler dünýä nusgalykdyr. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan ýokary görkezijileriň, eziz Diýarymyzyň has-da gözelleşen şäherleriniň, şäherçeleriniň, obalarynyň binagärlik keşbiniň, ýylba-ýyldan sany artýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, döwrebap zawod-fabrikleriň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň, durmuşymyzyň bezegine öwrülen döwletli tutumlaryň, özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Agzybir hem zähmetsöýer halkymyz ajaýyp zamanamyzyň her bir gününi ýokary zähmet üstünliklerine besleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň barha golaýlaşýan häzirki günlerinde muňa has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Arslan ATAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

240723 010 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk bilen häkimiýeti jebislendiriji güýç

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Köçeler asuda – ömürler rahat

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss