Ýaş zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

07.09.2024

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Bu barada TDH 6-njy sentýabrda habar berdi.

Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular. Deslapky bäsleşikler şäherlerde, etraplarda hem-de welaýatlarda birnäçe tapgyrda geçirildi we olarda jemleýji tapgyra gatnaşjak dalaşgärler kesgitlenildi.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny aýratyn üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda milli aýdym-saz sungatymyzyň uly ähmiýeti bellenilýär. «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. “Dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde siz ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygy has-da yhlasly wasp etmelisiňiz” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygary döredijilik festiwalyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýaşajyk artistler mähriban Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigatyny ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar ýaş zehinlere bagtyýar çagalygy peşgeş beren ýurdumyzyň durmuşyny beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

Jemleýji tapgyrda geljekde milli medeniýetimiziň şöhratyna şöhrat goşjak aýdymçylar, tans, aýdym-saz we folklor toparlary bäsleşdiler.

Sahnada baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ýaşajyk zehinleriň özboluşly çykyşlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Jemleýji konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Sahnada bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy, tanslar, edebi-sazly, folklor kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Bilelikde ýerine ýetirilen «Biz Watanyň merjen däneleri» atly aýdym döredijilik baýramçylygynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesil barada edýän aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň döredijilik bilen meşgullanmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak baradaky öwüt-ündewlerine mundan beýläk-de eýerjekdiklerine ynandyrdylar.

Şunlukda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy.

  • Arslan Maksadowiç Igliýew, Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy;
  • Perhat Maksadowiç Babaýew, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy;
  • Ogulşat Batyrowna Begpolodowa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy;
  • Aýhan Serdarowiç Serdarow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy;
  • Gülzada Meýlisowna Ataýewa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy;
  • Merjen Ýoldaşowna Abaýewa, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy;
  • Eziz Batyrowiç Ýazgeldiýew, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:58 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1021 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Köçeler asuda – ömürler rahat

Next Story

Aýdyň maksatlara gönükdirildi

Soňkylar Habar

GitTop