Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Aýdyň maksatlara gönükdirildi

07.09.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan içeri hem daşary syýasaty halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Parahat ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýola goýlan halk bähbitli beýik işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Olar milli demokratiýany berkitmek, halk häkimiýetini has-da pugtalandyrmak ýaly ähmiýetli maksatlardan ugur alynýar. Munuň özi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Çünki il-halkyň bilen maslahatlaşyp iş etmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgedir, nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzda her ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanjak günleriň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Karar kabul etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlary tarapyndan saýlanan wekiller we talyp ýaşlar gatnaşýar.

Bu sanawda talyp ýaşlaryň hem bolmagy örän buýsandyryjydyr. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanýan ýurdumyzda ýaşlarymyzyň il-ýurt bähbitli meseleleriň çözgüdine wekilçilikli gatnaşdyrylmagy olar barada edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygaryny täze taryhy döwrümizde baş ýörelge edinip, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyz esasynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär» diýip belleýär.

Özleri barada edilýän aladalara jogap edip, ýaşlarymyz okap, öwrenip, bilimlerini artdyryp, ylmy we döredijilik gözlegleri bilen meşgullanýar. Şeýle hem türkmen ýaşlary özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu bolsa biz ― mugallymlaryň öňünde milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ýaşlary ýetişdirmekde täze wezipeleri goýýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýunyň toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip, onda garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy mundan beýläk-de abadan durmuşda ýaşatmakda möhüm binýatlaýyn esas, şeýle hem ýurdumyzyň ähli pudaklary üçin bähbitli, döwletimiziň dost-doganlyga, agzybirlige, jebislige ýugrulan içeri we daşary syýasatyny dünýäde dabaralandyrjak çözgütler bolar.

Biz — özümiz üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklere jogap edip, ýaşlary ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

06092024 0010 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

2021 05 10 6098c9d1cf425267069063 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabadym — bagtymyzyň sakasynda

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss