Biz halkymyzyň asylly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň maksady myrat tapýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar we amal edilýän işler ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, päk ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Bilim ulgamynda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işler halkymyzy buýsandyrýar. Kabul edilýän giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyrmakda netijeli işler alnyp barylýar.
Agajan ANNAMEREDOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby