Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrligi 1-nji maýdan ähli ulag görnüşleri bilen ýük daşamak üçin elektron resminama dolanyşygyna geçmek boýunça bir ýyllyk synag geçirmegi teklip edýär. Munuň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamasynyň federal portalynda neşir edilen hökümet kararlarynyň taslamasyndan gelip çykýandygyny bellemek gerek. «2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli aralykda ýol, deňiz, derýa, demir ýol we howa ulaglary arkaly ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyna geçmek boýunça synag geçirmeli» diýlip, resminamanyň taslamasynda aýdylýar. Synagyň esasy maksady birinji tapgyrdaky Milli sanly ulag-logistika platformasynyň hyzmatlaryny we kiçi ulgamlaryň ilkinji nobatdaky prototiplerini barlamakdan ybaratdyr. Synagyň geçirilmegini üpjün etmäge ygtyýarly federal ýerine ýetiriji gurama hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrligi bellendi. Synaga Russiýanyň demir ýollary, Ulag ministrligi, Içeri işler ministrligi, Uzak Gündogaryň we Arktikanyň ösüşini utgaşdyrmak boýunça ministrlik, Ykdysadyýet ministrligi, Federal gümrük gullugy, Federal salgyt gullugy, Federal howpsuzlyk gullugy, Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik federal gullugy, Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal hyzmat gullugy hem-de Russiýanyň eksport merkezi gatnaşar.
Synag taslamasy 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda başlanar we bir ýyllap dowam eder
Soňkylar Habar
Bir günlük sebitleýin mediaforum üstünlikli tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn ― 4-nji dekabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde «Sanly giňişlik: emeli aň we maglumat manipulýasiýasy döwründe onlaýn gatnaşyk» atly III
Türkmen türgenleri kikboks boýunça dünýä çempiony boldular
Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde kikboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiziň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky, biri bolsa üçünji basgançagyna çykdy. Şeýlelikde, 84
UNFPA we milli hyzmatdaşlar 2025-nji ýylyň netijelerine seretdiler hem-de 2026-2030-njy ýyllar üçin strategiki ugurlary kesgitlediler
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seretmek boýunça duşuşyk geçirdi.
Aşgabadyň käbir şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler
«Altyn asyr» elektron gazetinde paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin